Asylly maksatlar rowaçlanýar

6 Sentýabr 2021
639

3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanly senesi mynasybetli paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdiler. Bellenilişi ýaly, bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler ýaly meseleleri girizmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy waka boljak Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli meseleleri öz wagtynda we toplumlaýyn çözmegiň ähmiýetini belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar