Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

6 Sentýabr 2021
642

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy waka boljak Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Häzirki taryhy döwürde milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlylygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli meseleleri öz wagtynda we toplumlaýyn çözmegiň ähmiýetini belledi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar