Ýaponiýanyň döwlet ministriniň kabul edilmegi

3 Sentýabr 2021
630

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimany kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.