Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine bagyş etmelidirler

3 Sentýabr 2021
662

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, talyplary we okuwçylary ýurdumyzda bellenilýän uly baýramçylyk — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllygy bilen gutlady.