Parahatçylyk — bagtyýarlygyň binýady

2 Sentýabr 2021
730

Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly başlangyçlaryndan badalga alan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy we onuň bilen ugurdaş geçirilen köpugurly halkara ähmiýetli çäreler sebit döwletleriniň agzybirligini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Munuň özi, milli Liderimiziň dünýä syýasatynda bir geografiýa, geosyýasy we geoykdysady taýdan üzňe göz öňüne getirip bolmaýan Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky beýik tagallalarynyň aýdyň subutnamasy bolup köňüllere bagt nuryny çaýdy. Bu halkara ähmiýetli çäreler milli Liderimiziň döwletimiziň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, halklaryň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakdaky alyp barýan tutuş adamzat bähbitli işlerini barha berkitdi. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara ähmiýetli çäreler sebiti ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça zerur çözgütleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döretdi.

Zeminiň abadançylygynyň esasy sütünleri birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine daýanmak, halklaryň dostlugyny barha pugtalandyrmak hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly ählumumy parahatçylygy üpjün etmek bolup durýar. Milli Liderimiziň teklibi bilen BMG tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň sakasynda hem şeýle tutuş adamzat ähmiýetli röwşen taglymat dur.

Bibi ARTYKOWA,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri.