Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir

1 Sentýabr 2021
700

31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby düzümleriniň öňünde durýan möhüm wezipeler hem-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, harby gullukçylaryň gullugy we amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeler barada hasabat berdi. Şeýle hem ministr Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişiň meýilnamasy hödürlenildi.

«Daşoguz habarlary».