Çar ýana uzaýar dostluk ýollary

1 Sentýabr 2021
641

Türkmenistanyň daşary syýasat ulgamynda turuwbaşdan ulag diplomatiýasynyň döredilmegi bilen, ýurdumyz ulag-aragatnaşyk babatdaky döwlet strategiýasyny durmuşa geçirýär. Parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli gatnaşyklara ygrarly döwletimiz ähli döwletler we halklar üçin bähbitli boljak täze multimodal ulgamyň döredilmegine uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän ulag-aragatnaşyk syýasaty dünýäniň iri guramalary we köp sanly döwletler bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm syýasy ugruna öwrülýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag diplomatiýasynyň orny has hem ýokary derejelere göterilýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde giňden makullanylýar, ykrar edilýär we dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär. Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we halkara derejesinde abraýynyň has-da pugtalanýandygyny milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi hem aýdyň subut edýär. Şeýle belent çözgütleri işläp düzmekde we öňe sürmekde Türkmenistan özüniň milli bähbitlerini we ileri tutýan daşary-syýasy garaýyşlaryny, dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylykly ýörelgelerini esas edinmek bilen bilelikde, umumadamzat bähbitlerini we ählumumy ösüş maksatlaryny ugur edinýär.

Orazmuhammet MYRADOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň welaýat müdirliginiň Köneürgenç etrap-şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.