Möhüm meseleler üns merkezinde

1 Sentýabr 2021
618

30-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly wezipeler, täze 2021-2022-nji okuw ýylyna hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda degişli yzygiderlilikde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimleri hasabatlary bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda welaýatlaryň ähli bilim edaralarynda täze okuw ýylyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Häkimler 1-nji synpyň okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dünýä ölçeglerine kybap gelýän kompýuterleriň gowşuryljakdygyny habar berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn çäreler görüldi. Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, 3-nji sentýabrda badalga beriljek bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz möwsümiň degişli derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ýerleriň ekişe taýýarlanylmagyna, zerur ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegine, ähli ekiji gurallaryň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň doly taýýarlygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekip, ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini nygtady.

"Nesil".