Mizemez ynamyň güýji

29 Awgust 2021
887

Ynsan sallançakda entek şirin hüwdüleriň bossanyny çürtýärkä pederlerimiziň yhlasy siňen topragyň mukaddesligini aňyna siňdirýär. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, ynsan balasy ýörjen-ýörjen bolup ýörkä eýýäm edil daragtlar kimin köküni bu keremli topraga urmagyň arzuwy bilen ilkinji, ýöne juda ynamly ädimi ädýär. Dabany topraga galtaşan ynsanyň ertirki güne bolan ynamynyň öňünde durup biljek güýjüň ýokdugyna heňňamlar şaýatdyr. Onsoň ol bu toprak bilen özüni bir jan, bir ten saýýar, ony aň-düşünjesi, bilesigelijiligi, ukyp-başarnygy bilen özgerdýär, ösdürýär. Aýtmaklaryna görä, öňem bir akyldardan ynsanyň dünýä inenden tä ömrüniň ahyryna çenli bagtly boljak ýeriniň nire bolup biljekdigi hakynda soranlarynda, ol:

— Ynsan islendik ýerde ýaşanda-da ol özüne pikirdeş, ynamdar adamlary tapyp biler. Hatda ol ynsanyň ömrüni, ykbalyny, durmuşyny oňatlyga özgertjek beýik-beýik işlerem durmuşa geçirer. Emma onuň bagtly hem ynjalykly ýaşajak ýeri welin ýeke-täk Watanydyr. Haçan-da adam öz Watanyndan uzaklarda mekan tutan bolsa, onuň kalbynyň ynjalygy ýokdur. Özem ynsan üçin göbek gany damyp, ilkinji ädim äden topragynda döwran sürmek Arşdan inen nygmatdyr. Ol nygmaty has datly etmek her bir adamyň özüne baglydyr. Munuň özi topragyňa, il-günüňe yhlasyňy, zehiniňi bagyş etmegiň hözirlidiginden habar berýär — diýipdir.

Amangül NURMYRADOWA,
žurnalist