Ynsan saglygynyň goraglylygy pugtalandyrylýar

27 Awgust 2021
621

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibini yglan edip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda güýz paslynyň gelmegi netijesinde ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi.