Halk bähbitli beýik işler

26 Awgust 2021
684

25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan ilkinji derejeli wezipelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibini yglan edip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Mejlisiň dowamynda güýz paslynyň gelmegi netijesinde, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ugurdaş düzümler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar