Ýaşlaryň durmuşyndan habarlar

23 Awgust 2021
635

«7/24.tm», №34 (65), 23.08.2021.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy möhüm wakalaryň birine öwrüldi.  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynda geçirilen dialoga sebitiň ýurtlarynyň bäşisiniň wekilleri, BMGniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hemde BMGniň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary bir ýere jemlendiler. Forumda öňde durýan möhüm wezipeler, hususanda, gender deňligini gazanmak babatda anyk maksatlar kesgitlendi. Duşuşygyň ahyrynda zenanlaryň dialogyna gatnaşyjylaryň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenme, şeýlede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň forumynyň Jarnamasy kabul edildi.