Baglary goramagyň halky usullary

22 Awgust 2021
1504

Gyşyň ahyrynda bolýan maýyl howaly günler miweli baglaryň wagtyndan öň oýanyp, ir güllemegine getirýär. Onuň yz ýanyndan ýazyň başynda bolýan, «düwlen doňak» diýlip atlandyrylýan, bäş-alty güne çekýän aýazly günlerde bolsa, şol güllän baglaryň gülüni, miwe düwünçegini sowuk urup, hasyla uly zyýan ýetirýär. Tejribeli bagbanlar baglary sowukdan goramagyň dürli usullaryny ulanýarlar.

Baglaryň wagtyndan ir oýanmagynyň öňüni almagyň iň ýönekeý usuly olary gyşyň çillesinde suwarmakdyr. Topraga siňip doňan buz uzak wagtlap baglaryň köküni salkyn saklaýar. Şeýle hem topraga siňip doňan buz dürli zyýankeşleriň hem azalmagyna getirýär.

Perman KAKAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.