Ýaldyrakda Gün sowar

11 Awgust 2021
1246

Ýaldyrak ýyldyzy kyrk günläp, ýagny awgust aýynyň 12-sinden sentýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. Bu döwre başgaça ata-babalarymyz tomsuň «Uly çillesi», gazaklar «Üç arhar», indeýler «Üç sugun», eskimoslar «Üç dogan», belaruslar «Üç uýalar» diýip at beripdirler.

Ýaş meteorolog hökmünde bu döwrüň howasy hakynda aýratyn belläsimiz gelýär. Ýaldyragyň dogmagy howanyň salkynlamagynyň nyşany. Şu jähetden hem, halk arasynda «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen atalar sözi döräpdir. Gündizlerine yssy bolsa-da, gijelerine howa öňküden salkynlaýar. Üçýyldyz döwründäki bilen deňeşdireniňde, Günüň ýiti şöhleleriniň güýji gowşap, petiş, dymyk howa bolmaýar. Adamlar, janly-jandarlar, hatda ösümlikler hem rahatlyk tapyp başlaýar.

Baýgeldi ÇARYÝEW,
esger.