Nurana geljegiň bähbidine

21 Iýul 2021
731

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça dowam edýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyk hem-de şöhratly taryhy sene mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.