Aşgabat — ak bagtyň şäheri

21 Iýul 2021
766

19-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkiminiň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem öňde boljak şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatyny diňledi. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça dowam edýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyk hem-de şöhratly taryhy sene mynasybetli açylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde häzir Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwrüldi. Muňa paýtagtymyzyň we onuň birnäçe binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi-de şaýatlyk edýär. Bulardan başga-da, häkim gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olary degişli ulanyş ýagdaýynda saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

"Nesil".