Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

21 Iýul 2021
640

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň merdana halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk hem-de ylham-joşgun paýlap, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.