Töweregi bezäp otyr agaçlar

21 Iýul 2021
1125

Baglar özüniň gözelligi bilen diňe bir tebigata zynat bermän, eýsem, ynsan dünýäsindäki pynhan duýgulary oýarmaga-da ukyplydyr. Käbir adamlar baglara baryp, owadan gülleri synlap, öz gaýgy-hasratyny egisýärler. Il içinde döwletli, ilhalar adamlaryň ömür ýolunyň miweli baglara deňelmegi-de ýönelige däldir. Taryha ser salanymyzda-da owadan binalaryň, köşgi-eýwanlaryň baglaryň içinde ýerleşmegi geçmişdäki pederlerimiziň hem tebigaty çäksiz söýendigini görkezýär.

Döredijilik işgärleri bolsa bu gözelliklerden ylham alyp, joşgunly, aýdym- sazlary, täsin sungat eserlerini döredýärler, gaýtalanmajak açyşlary edýärler. Dünýä belli alym Nýutonyň bagyň aşagynda oturyp, agaçdan kellesine gaçan bir almanyň kömegi bilen Ýeriň dartyş güýjüni açandygyny bilmeýäniňiz ýok bolsa gerek. Zehin ynsanlara, elbetde, tebigatdan berlen ajaýyp peşgeşdir. Tebigatyň esasy zynaty bolsa owadan baglardyr. Olar ynsan saglygynyň berkemeginde, howanyň arassa bolmagynda juda ähmiýetlidir. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Gara Seýitliýew bu barada: «Kim-de kim iki agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar» diýip, örän jaýdar belleýär. Ajaýyp şäherimiz Aşgabat, esasan-da, gür baglary bilen has-da görklüdir. Şol baglaryň arasynda gezim edip ýörşüme töweregiň gözelligi ýüregimde şeýleräk owazlandy:

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
Türkmenabat şäheri.