Arzuwlaryň hasyl bolýan diýary

21 Iýul 2021
826

Indi 30 ýyla golaý wagt bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen, gurýar, döredýär, ynamly öňe barýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, ýetilen sepgitler we uly üstünlikler bilen beslenen täze taryhyny ýazýar. Milli Liderimiz: «Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan uly güýçdür» diýýär. Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasy bilen eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde gadymy ata-babalarymyzyň mährinden, sahawatyndan bina bolan dost-doganlyk köprüsi barha berkeýär. Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Watanymyz dostlugyň, doganlygyň gülleýän bagtyýar mekanydyr. Bu gün mähriban halkymyz şanly baýramyň şanyna başlan toýuny her welaýatda, ýatda galyjy taryhy pursatlar bilen ýaýbaňlandyrýar. Düýn, ýagny 21-nji iýulda mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Daşoguz şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle-de Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda 6 sany 16 öýli, 6 sany 24 öýli, 1 sany 32 öýli, 2 sany 48 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlary açyldy. Şeýle-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Daşoguz welaýatynyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz gün-günden rowaçlanyp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Muny şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri hem doly tassyklaýar. Şanly ýylda ýurdumyzda iri desgalar, ähli amatlyklary bolan köp sanly döwrebap ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglarydyr beýleki möhüm binalar gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle-de, Kerki şäherinde işe girizilen Halkara howa menzilini, Türkmenabat, Balkanabat, Daşoguz şäherlerindäki «Türkmeniň ak öýi» binalaryny we ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.

Serdar Myradow,
«ESGER».