Wagyz-nesihat maslahaty

21 Iýul 2021
653

Golaýda maýor Şyhnazar Orazowyň serkerdelik edýän harby bölüminde, maýorlar Serdar Rejepow, Jumamyrat Taganýazow, Baýmyrat Taňrygulyýew, Jora Hasanow dagynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Çärede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ikinji okuw möwsüminiň meýilnamasy esasynda harby bölümiň öňünde durýan söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde harby gullukçylara öz hünärlerine bolan buýsanjy, ussatlygy, kämillige tarap ymtylyşy hem-de Watana bolan çäksiz söýgini ündeýän çykyşlar edildi. Soňra şahsy düzüme möwsümleýin kesellerden goranmagyň we arassaçylyk düzgünleriniň talaplaryny pugta berjaý etmegiň wajypdygy giňişleýin düşündirilip, açyk howadaky adam saglygyna zeper ýetirip biljek tozan bölejiklerinden goranmak üçin agyz-burun örtügini ulanmagyň ähmiýeti barada wideoşekiller görkezildi. Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli harby bölümde harby gullukçylaryň gatnaşmaklarynda dabaraly ýörişe, köpçülikleýin sport we medeni-dynç alyş çäreleriniň ýokary derejede geçirilmeginde bimöçber tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Begenç ROZYPÄLWANOW,
kapitan.

Adalat HOJAKULYÝEWA,
kapitan.