Mer­ke­liň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa soň­ky sa­pa­ry

8 Iýul 2021
694

Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel Be­ýik Bri­ta­ni­ýa iň soň­ky iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, Prem­ýer-mi­nistr Bo­ris Jon­son bi­len du­şuş­dy. Bu sa­par 2005-nji ýyl­dan, Mer­ke­liň Kans­ler bo­lup işe baş­lan döw­rün­den bä­ri 22-nji sa­pa­ry­dyr. In­di onuň yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti gu­tar­ýar. 26-njy sent­ýabr­da Ger­ma­ni­ýa­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­lip, An­ge­la Mer­kel fe­de­ral hö­kü­me­tiň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne öz da­laş­gär­li­gi­ni gaý­ta­dan hö­dür­le­me­jek­di­gi­ni aýt­dy. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da iki ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry Lon­don bi­len Ber­li­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.

– Mer­ke­liň Kans­ler we­zi­pe­sin­de iş­län 16 ýyl­dan gow­rak wag­ty­nyň için­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ösüp, tä­ze döw­re ga­dam bas­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­ny we Ger­ma­ni­ýa­ny köp me­se­le­ler­de mä­käm dost­luk hem-de umu­my ga­ra­ýyş­lar bag­la­nyş­dyr­ýar. Bi­ziň alym­la­ry­myz, oý­lap ta­py­jy­la­ry­myz we se­na­gat­çy­la­ry­myz dün­ýä­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len bi­le­lik­de iş­le­ýär­ler – di­ýip, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Bo­ris Jon­son bel­le­di. Mer­kel bi­len Jon­son ta­rap­la­ryň tej­ri­be alyş­ma­gy­ny üp­jün et­mek we hyz­mat­daş­ly­gy art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len iki ýur­duň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň her ýyl­ky ýyg­na­gy­ny ge­çir­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar.