Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

8 Iýul 2021
574

Myrat ŞAMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor:

— Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşygy biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen ysnyşykly gatnaşygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Duşuşykda Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň sebitde syýasy ýagdaýy durnuklylaşdyrmakda uly goşandynyň bardygy aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu ýubileý mejlisiniň dowamynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» Kararnamalarynyň we Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

«Adalat».