Bir toý tutduk, älem galdy haýrana

25 Iýun 2021
635

Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara beslenýär. Beýik baýramçylyk mynasybetli köpöwüşginli çäreler yzygiderli geçirilýär, täze desgalar dabaraly ýagdaýda açylýar. Ine, şu hepdäniň çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menzili hem-de Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda täze howa menziliniň işe girizilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky möhüm ädimdir.

Ýörite habarçymyz.