Halkyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiz ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlanmagyna, bedenterbiýe hereketiniň we sportuň ösmegine uly üns berýär. Ata Watanymyzda sport bilen meşgullanýan raýatlaryň, esasan-da, ýaşlaryň sany barha artyp, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alynýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dürli derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Ata Watanymyzda gurlup, häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen sport desgalary ýaşlarymyza sport türgenleşiklerini yzygiderli geçmäge we olaryň barha taplanmagyna, kämilleşmegine ýardam edýär. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Aziýa yklymynyň bu iri ýaryşy dünýäniň ençeme ýurdundan türgenleriň, sport ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýüzlerçesini Aşgabada ýygnady. Ägirt uly bu halkara sport çäresi türkmen sportunyň taryhyna şöhratly sahypalar bolup girdi.