Täze sahna eseri

7 Aprel 2021
943

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzyň teatr işgärleri täze sahna eserleri bilen tomaşaçylary begendirip durýarlar. Welaýat döwlet drama teatrynda režissýor Öwezmämmet Galandarowyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň «Sagbol, durmuş» we beýleki goşgularynyň esasynda goýan monology hem şeýle sahna eserleriniň üstüni ýetirdi. Artist Rejepgeldi Nazgurbanow şahyryň keşbini ussatlarça janlandyryp, tomaşaçylaryň berekellasyna mynasyp bolmagy başardy. Teatryň suratkeşi Kuwwat Mämmetnepesow tarapyndan bezeg işleri ýerine ýetirilen döwrebap sahnada güýz hem-de ýaz pasyllarynyň gözel görnüşi, tolkun atýan mawy deňiz, dürli reňkdäki çyralar bitewi kompozisiýany emele getirdi.

— Maňa: «Sahna eserini goýanyňyzda, näme üçin şahyr Gurbannazar Ezizowy we onuň goşgularyny saýlap aldyňyz?» diýip sowal berenler az bolmady. Men olara: «Haçan-da siz monospektakla tomaşa edeniňizde, bu sowalyňyza anyk jogap tapyp bilersiňiz» diýip aýtdym. Käbir spektakla gowy düşünmek üçin, oňa azyndan 4-5 gezek tomaşa etmeli bolýar. «Sagbol, durmuş» atly monospektakla tomaşaçylaryň ünsli tomaşa etmekleri, goşgynyň joşgunly ýerinde şowhunly el çarpmaklary meni has-da begendirdi. ªol pursada zähmetimiziň ýerine düşdügi diýip düşünýärin. ªahyryň goşgularynyň her bir setirini ýüregime ýakyn saýýaryn. Onuň goşgulary Watany, adamlary, durmuşy söýmekligi, päk söýgini ündeýär.

Oguljennet ORAZOWA,
«Balkan».