Döwletliligiň aýdyň beýany

7 Aprel 2021
841

Ata-baba akyl-paýhasa sarpa goýup gelýän halkymyz üçin kitapdan gymmatly hazyna ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly ylmy çeşmedir. Bu gymmatly kitapda Watan düşünjesi, millilik, geçmişiňe sarpa goýmak ýaly asylly pikirlere we ýörelgelere giň orun berilýär.

Mähriban Arkadagymyzyň dana pikirlerinden, umman ýaly giň hem-de çuňňur gözýetiminden dörän kitabynda şöhratly ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň many-mazmuny, däp-dessurlary we olaryň her bir adam üçin döwrebap durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde ähmiýeti aýdyňlyk bilen görkezilýär.

Ruslan JUMAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.