2021-nji ýyl — halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä ýurtlarynda

4 Aprel 2021
1791

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDA

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň hem-de bu ýurtda ýaşaýan watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda guralan onlaýn duşuşyk 2021-nji ýylyň türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wideomaslahaty açyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda ýurdumyzda guralmagy meýilleşdirilýän çäreler, hususan-da, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».