Alyslara uzaýan ak ýollar

31 Mart 2021
1055

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş saglyk maksatly binalar, desgalar bilen birlikde ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollary, köprüler we täze logistik merkezler gurulýar. Dogana-dosta sary uzaýan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýolyşyklarynyň we beýleki degişli ýol belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara oňaýly şertleri döredýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde bolmak bilen, bu asylly we döwletli iş hil taýdan täze derejelere çykýar. Sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde köçe ýol hereketine gözegçilik işlerinde wideogözegçilik ulgamynyň ornaşdyrylmagy sürüjileriň we pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmegini gazanmaga uly ýardam edýär.

Orazmyrat TEJENOW,
Babadaýhan etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.