Saýra, dutarym, saýra!

24 Mart 2021
1001

Halkyň, milletiň bakylygy onuň öz milli gymmatlyklaryna goýýan sarpasyna, hormatyna berk baglydyr. Çünki halk, millet hut şolar bilen özüniň aňyrsyny, aslyny dabaralandyrýar, şu gününe many çaýýar, geljeginiň ygtybarly binýadyny gurýar. Beýle diýmek, aslyň hem nesliň sazlaşygyny ebedi bir kökene düzüp bilmek diýmekdir. Eger-de sen hem şeýle kämil halkyň bir raýaty hökmünde şol ebedilige azda-kände gatanç gatyp bilýän bolsaň, onda öz ykbalyň Watanyň, milletiň ykbaly bilen pugta baglydygy üçin özüňi bagtly duýup bilersiň.

Milli gymmatlyklardan söz açmagyma, geçen ýylyň aýaklaryna, ýagny 4-nji dekabrda paýtagtymyzda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat sebäp boldy. Ýadyňyzda bolsa, 4-nji dekabrda geçirilen şol halkara ylmy maslahatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylda ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azulaýyň Türkmenistana resmi saparyny guramak, «Dizaýn» döredijilik ulgamynda Aşgabady hem-de «Senetler we halk döredijiligi» ulgamynda Türkmenabady, «Edebiýat» ulgamynda Mary şäherini ÝUNESKO-nyň täsin şäherleriniň ählumumy ulgamyna girizmäge taýýarlyk bilen birlikde, «Dutar ýasamak ussatlygy we aýdym aýtmak bilen birlikde ýerine ýetirijilik saz sungatyny» 2021-nji ýylyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirilipdi.

Berdimyrat BAÝADOW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sazçylyk mekdebiniň mugallymy.