Hoşniýetli parahatçylyk ýörelgesi

23 Mart 2021
1501

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäde gazanylýan ösüşler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk ýörelgämiz dünýä ýaýylýar, dostlukly halklaryň arasynda uly goldawa eýe bolýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, dünýä üçin açyk, parahatçylygy döretmäge goşant goşýan döwletdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, dünýä halklarynyň abadançylygyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde hemişelik Bitaraplygyň, parahatçylyk ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Parahatçylyk ýörelgeleri türkmen halkynyň taryhy gymmatlygyny, dünýäde belent abraýyny, hoşniýetli gatnaşyklaryny kemala getirdi. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň dünýä giňişliginde netijeli ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, içerki gullugyň maýory.