Aşgabat — abadan hem owadan şäher

22 Mart 2021
1209

Her bir toý-baýramy zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy adat edinen halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden belleniljek gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär.

Ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan Watanymyzyň ýüregi — gözel paýtagtymyz täsin keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gysga döwrüň içinde Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylyp, paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter özgerdi. Ajaýyp binalaryň, dürli maksatly desgalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga, binagärligiň ajaýyp sazlaşygyny döretmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle ähmiýetli binalardyr desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy bolsa ýokary depginde alnyp barylýar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, täze desgalaryň ençemesiniň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslenip, halkymyza ajaýyp toý sowgady bolar.

Bahar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.