Baharyň buşlukçysy

20 Mart 2021
974

Ata-babalarymyzdan miras galan milli baýramlarymyz, däp-dessurlarymyz häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň çyragyna öwrülip, täze many-mazmun, kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Nowruz bilen baglanyşykly gadymy däplerimiz hem ajaýyp döwrümize laýyk ýörelgeler bilen baýlaşdyrylyp, ýokary guramaçylyk derejesinde bellenýän toý-dabaralarymyza aýratyn bezeg berýär.

Pasyllaryň soltany owadan bahar pasly älem-jahany gülzarlyga, läle-reýhana besledi. Her bir paslyň öz gözelligi, jana tenekar howasy bar. Emma bahar pasly özüniň ajaýyplygy we täsirli mylaýymlygy bilen adamlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ýaz gelende tebigat janlanýar. Bu pasylda älem-jahan gözelligini artdyryp, ynsan kalbyny heýjana getirýär, ajaýyp duýgulary oýarýar.

Mahym ÝAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.