Parahatçylyk sungatynyň beýany

10 Mart 2021
1525

Hormatly Prezidentimiziň dana paýhasynyň we ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaby bagtyýar halkymyz üçin özboluşly sowgat boldy. Taryhy maglumatlara esaslanýan bu ajaýyp kitaby ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň gadyr-gymmatyny açyp görkezýän, onuň dünýädäki parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini beýan edýän çeper-publisistik eser, düýpli ylmy iş diýip atlandyrmak bolar. Çünki bu ruhy hazyna türkmen Bitaraplygynyň taryhy, onuň halkara syýasy-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki orny baradaky maglumatlary çeper dilde beýan edýär. Şeýle hem, kitapda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatlarda we forumlarda eden çykyşlary ýerleşdirilipdir. Halkara derejede kabul edilen taryhy resminamalar aýratyn bölümde berilýär. Bu neşir Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň, türkmeniň bitaraplyk taglymatynyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigi üçin hem gymmatlydyr. Kitapda ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyna we onuň dünýäniň möhüm syýasy-ykdysady wakalaryna täsirine düýpli seljerme berilýär. Şeýle hem halkara gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýän ynsanperwerlik gymmatlyklary barada giňişleýin beýan edilýär.

Eserde milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine we ählumumy gymmatlyklara laýyk gelýän parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, adalatlylygy we raýdaşlygy ündeýän ençeme paýhasly sözleri getirilýär.

Jeýhun MÄMEDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz şäher bölüminiň müdiri, uly döwlet bellige alyjysy.