Parahatçylyk we ynanyşmak — watançy nesliň taglymy

3 Mart 2021
1323

Ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylyna ynamly gadam goýan günümizden bäri, geçirilýän çäreleriň hemmesiniň bu şanly sene mynasybetli guralýandygy aýratyn guwançlydyr. Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Änew şäheriniň hem-de Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýlerinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy we aýdym-sazly çykyşlar harby gullukçylaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyza, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bolan çuňňur hormatynyň, belent buýsanjynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy. Dabaraly çärelere serkerdelerdir esgerler, şeýle-de sanly ulgam arkaly welaýat geňeşiniň hünärmenleri hem-de ýaşuly nesiller uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Duşuşykda baky Bitaraplygymyzyň, parahatçylygyň we bu taglymlaryň binýadynda yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şygarynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy täsirli çykyşlaryň, aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan edildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň we Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhuna beslenen çykyşlaryny dabara gatnaşanlar joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Medeniýet öýüniň sahnasynda sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly görkezilen, harby gullukçylaryň durmuşyndan gürrüň berýän gysga göwrümli wideoşekiller dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň şygarynda ýaş nesilleri, aýratyn-da, esgerleri mähriban Watanymyza ägirt uly buýsanç, söýgi hem-de hormat duýgulary esasynda terbiýelemek baş maksat bolup durýar. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine ägirt uly işleri bitirmek bilen, harby gullukçylar üçin amatly şertleri yzygiderli döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Nurmyrat ÇARYÝEW,
maýor.