Milli žurnalistika: halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirip

8 Fewral 2021
804

6-njy fewralda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän halypa we ýaş žurnalistleriň, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak: döredijiligiň giň gözýetimleri» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda guralan duşuşykda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler, olaryň metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda şöhlelendirilişi, türkmen žurnalistikasynyň ösüşi we halypa-şägirtlik gatnaşyklary, öňde duran möhüm wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».