Beýik özgertmeleriň ýolunda

5 Fewral 2021
772

Asuda asmanyň astynda, bereketli topragynyň üstünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, gözelleşýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ýokary netijeler, ösüşler gazanylýar. Elbetde, bu ösüşlerde gazanylan guwandyryjy zähmet üstünliklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem saldamly goşantlary bar. Häzirki wagtda olar eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratly, öndürijilikli zähmet çekýärler.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmagy, demokratik, hukuk, dünýewi, raýat jemgyýeti gurmagy maksat edinýän möhüm syýasy gurama bolup, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatyny özüniň baş ýörelgesi edinýär.

Gülkamar NYÝAZMYRADOWA,
TDP-niň Serdar şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.