Ýürekdeşim aýal dogan

4 Fewral 2021
1296

Biz halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesi hakynda gürrüň edenimizde ilki bilen öz halypalarymyzy göz öňüne getirýäris. Arada milli el işleri bilen bagly söhbetdeş bolanymyzda, mährem enelerimiziň biri sowalyma: «Halypamam, mugallymymam ejem bilen aýal doganymdyr» diýip jogap berdi. Şonda ol öz aýal doganynyň tikin işlerini ýaltanman öwredişi, ejesiniň synagyndan geçişi barada gyzykly söhbet etdi. Şondan soň pikir edip görýän welin, şu sowal özüme berilse-de, jogabym şol enäniň jogaby bilen deň geler. Çünki maňa-da el işlerini, tikin-çatyny öňde-soňda öwreden ejem bilen aýal doganym boldy. Häli-häzirler hem gyzyma iş öwredýän pursatlarym, aýal doganym bilen maslahatlaşanymy kem göremok. Türkmen maşgalasynda her haçanam uly uly bolýar. Göwnüme, aýal doganym el işleri babatda ähli zady bilýär, başarýar, şonuň üçin hem mydama ondan sorap durmaly diýen düşünje aňymda çagalykdan ornaşypdyr.

Elbetde, maşgalada dogan düşünjesiniň özi bitewi mana eýe. Dogany dogandan aýry göz öňüne getirmek, mümkin däl. Erkek doganyň bilen aýal doganyň hersiniň öz orny bar, olaryň birini ýokarda, birini pesde goýmak bolmaýar. Aram-aram erkek doganyň halyňdan habar alyp dursa, ataň öýüňe baran wagtyň güler ýüzli garşylasa, çagalaryňa «ýegenlerim gelipdir» diýip gujak açsa, dünýäde senden bagtly ynsan ýok.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.