Aşgabat — Aziýanyň merjeni

4 Fewral 2021
1164

Dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan ýurdumyzyň baş şäheri — Aşgabat bu gün binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Aşgabadyň belentden görkana kaşaň ymaratlary, ajaýyp köşgi-eýwanlary, giň we aýna ýaly tekiz şaýollary, köpugurly köprüleri, ýaşyl begresli seýilgähleri, köpöwüşginli suw çüwdürimleri, ýol çatryklaryndaky özboluşly binalar hem-de beýleki dürli maksatly desgalar tarypa mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady jennet mekanyna öwürmek meselesi öňümizde goýan maksatlarymyzyň esasylarynyň biridir» diýip bellemek bilen, paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesine, olaryň halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmegine, şeýle-de şäher gurşawynda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berýär. Şeýle bolansoň, ak mermerli paýtagtymyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän binadyr desgalaryň her biri bezeg aýratynlygy we milli öwüşginleri bilen ünsi özüne çekýär. Aşgabadyň daş-töweregini gurşap alan bagy-bossanlyk bolsa, diňe bir baş şäherimiziň nurana görküne däl, eýsem ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawynyň döremegine oňyn täsirini ýetirýär.

Kakajan AGABAÝEW,
Ahal welaýatynyň prokuraturasynyň Baş derňew bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.