Guwandyryjy netijeler

3 Fewral 2021
999

­­

Ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň serkerdelik edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň müdirliginde geçen ýyl boýunça ýerine ýetirilen işleriň we geçirilen çäreleriň jemleri jemlenildi. Hasabatlarda müdirligiň tabynlygyndaky harby bölümleriň geçen ýylyň dowamynda harby bölümleri taýýarlamagyň meýilnamasy esasynda ýerine ýetiren işlerine, şeýle hem harby gullukçylary watansöýüjilik, lebzihalallyk, harby borja we harby kasama wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçiren çärelerine mynasyp baha berildi. Geçen okuw ýylynyň jemi boýunça geçirilen seljermäniň netijesinde has tapawutlanan podpolkownik Bazargeldi Annaniýazowyň serkerdelik edýän harby bölümi 1-nji, podpolkownik Şyhmyrat Öräýewiň serkerdelik edýän harby bölümi 2-nji, maýor Öwlüýäguly Hojaberdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümi 3-nji orny eýelemegi başardy. Batalýonlaryň arasynda bolsa podpolkownik Şatlyk Kerimowyň serkerdelik edýän batalýony 1-nji, maýor Ýusup Ataýewiň serkerdelik edýän batalýony 2-nji, podpolkownik Rustam Nurjanowyň serkerdelik edýän batalýony 3-nji orny eýeledi. Ýeňijilere hem-de ýylyň dowamynda söweşjeň we gumanitar taýýarlygynyň guralmagynda has tapawutlanan harby gullukçylara müdirligiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sazak DURDYÝEW,
maýor.