Tokga ýegen

2 Fewral 2021
1088

(Nowella)

Maşgalamyzyň özünden ekabyrraklary oňa «Tokga ýegen», özünden kiçiler bolsa, «Tokga gelneje» diýerdiler. Onuň ýaşy segsenden agandyr welin, hyk-çok edenini gören adam ýokdy. Ir wagtlar enem dagy: «Baý, şu Tokga ýegen gaýratly adam eken-ow. Ejesi Bossan görgüli iki perzendini — Kakajan bilen Tokgany ýetim goýup, dünýesini täzeländen soň, başyndan geçmedik külpet galan däldir pahyryň» diýerdi-de, uludan demini alyp oturybererdi. Biz hem entek oglan bolanymyz üçin, ol sözleriň aňyrsynda nämeleriň ýatandydyny aňşyrjagam bolmazdyk. Sebäbi biziň üçin dünýäde Tokga gelnejemden bagtly adam ýok ýalydy. Öýümizde onuň adynyň tutulmaýan güni bolanokdy. El-aýak ýaly ýetişikliligini, işeňňirligini dillerinden düşürmezdiler. Bize ol öwgüleriň hemmesi düşnüklidi. Ýöne «Bir öýüň erkegem özi, aýalam» diýmeklerine bolsa dogumlylygy üçin aýdylýandyr öýdýärdik.

Nowruz GURBANMYRADOW,
ýazyjy.