Milli mirasymyzyň gymmatlygyna sarpa

31 Ýanwar 2021
994

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

«Bereketli toprak».