Durmuş düzümleri döwrebaplaşýar

27 Ýanwar 2021
972

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz, onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.

Şol gün irden hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birine geldi. Ol ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

«Watan».