Ýaşlar biziň geljegimizdir

21 Ýanwar 2021
1064

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Ýaş nesil hakyndaky alada Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden başlap döwlet syýasatynyň has köp üns berilýän ugruna öwrüldi. Munuň özi biziň ýaş raýatlarymyzyň hukuklarynyň doly berjaý edilmegini kepillendirýän kanunçylyk namalarynda we dürli anyk maksatnamalarda öz beýanyny tapdy» diýen parasatly sözlerinden görnüşi ýaly, Berkarar döwletimizde ýaş nesil ýokary derejede üns-alada, mähir bilen gurşalyp alnandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir raýatymyzyň, hususan-da, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmaklary we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen meşgullanmaklary hem-de medeniýetli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyz Watanymyz ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilýän, ýaşlaryň hukuklary we kanuny bähbitleri ygtybarly goralýan, mertebesi belent tutulýan ýurt hökmünde dünýä özüni tanatdy.

Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.