Sarahs etrabynyň sport mekdebinde “Sport we bagtyýar ýaşlar” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga sport mekdebinde tälim alýan ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döwrebap bilimli, hünärli, giň dünýagaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi hakdaky aladalary barada söhbet açylyp, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga we sportda barha taplanmaga döredýän giň şertleridir mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.