Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde sportuň ähmiýeti

20 Noýabr 2024
191

Ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda halkymyzyň saglygyny goramaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, ruhy we beden taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen türgenleriniň dünýä möçberinde we halkara derejede geçirilýän dürli ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri biri-birine ulaşmak bilen, olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporty hem-de onuň düzümlerini ösdürmäge berýän aýratyn uly ünsüniň, döredýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir.

Ilatyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir kämil türgenleriň kemala gelmeginde däl, eýsem, jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde hem wajyp hasaplanylýar. Şol esasdan, ýurdumyzda raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwlet derejesinde ileri tutulýar we ilatyň arasynda giň goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda şäherlerde, şäherçelerde, obalarda gurlan sport desgalarynda saglygyny berkidýän, öz höwes edýän sport görnüşi bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky raýatlarymyzy göreniňde, halkyň saglygy hakynda edilýän aladalaryň ýerine düşýändigine tüýs ýürekden guwanýarsyň.

Nagyma TAGANOWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.