Sarahs etrabynyň sport mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi. Oňa sport mekdebine gatnaýan çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy.
Çagalar päsgelçiliklerden top bilen ylgap geçmek, haltada böküp geçmek, halkadan ylgap, päsgelçilikden geçmek ýaly şertler boýunça erjelligini görkezdiler. Onuň netijesinde “Berkararlyk” toparyndan üstün çykan “Bagtyýarlyk” topary ýeňiji boldy. Ýeňiji toparyň agzalaryna Kärdeşler arkalaşyklarynyň sowgatlary gowşuryldy.