Şu aýyň birinji ongünlüginde Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasyna saýlama duşuşyklar geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Çärjew, Dänew we Saýat etraplaryndan küştçüler gatnaşdylar.
Däp bolşy ýaly, bu ýaryş erkekleriň we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär. Ýöne Aziýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, şu ýyl bolsa 16 we 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony bolan Gülmira Seýilhanowa, halkara ýaryşlaryň ençemesiniň çempionlary Mähri Agamyradowa we Jahan Rejebowa dagy ýokary hem-de birinji ligalarda ozaldan oýnap gelýändigi sebäpli erkekleriň arasyndaky ýaryşa gatnaşdyryldy.