Ýaş nesli terbiýelemegiň nusgasy

10 Noýabr 2024
538

Ýurduň ykbaly ösüp gelýän ýaş nesle baglydyr. Nesil terbiýesi türkmen maşgalasynyň milli ruhy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin her bir ata-ene we maşgala agzalary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegi özüniň borjy, wezipesi hasaplaýar. Türkmen maşgalasy öz perzentlerini ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlaryň, pähim-parasatly ýörelgeleriň esasynda terbiýeleýär. Maşgala edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanýar. Ata-eneler öz durmuş mekdebinden alan terbiýesini, ata-babalarymyzdan miras galan milli häsiýetleri çagalaryň kalbyna guýup, olarda gowy häsiýetleri terbiýelemekde we ösdürmekde görelde görkezmegi başarmalydyrlar.

Türkmen halkynyň asylly ýörelgesi, milli mirasy, ruhy baýlyklary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde gadymdan gelýän gymmatlyklarymyza, milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar, bu gymmatlyklary ylmy esasda öwrenmekde we wagyz etmekde uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, nusgawy kitaplary egsilmez hazynadyr. Şonuň üçin hem bu günki günde şu ajaýyp kitaplar biziň her birimiziň ýankitabymyza, ýakyn hemramyza öwrüldi. Ylmy gözleglerde hem, okuw işlerimizde hem bu ajaýyp kitaplara ýüzlenip, gymmatly maglumatlary tapýarys. Bu hem ajaýyp kitaplaryň ähmiýetiniň has-da ýokarydygyny aýdyň görkezýär.

Keýik NAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.