DIL BILMEK — MÜMKINÇILIKLERIŇ AÇARY

7 Noýabr 2024
353

Dile düşünmeseň, köňle düşünmersiň. Halkymyzyň söz gorunda “ýüreginden turmak, sözüň alyşmak” manylarda gelýän “dilini tapmak” diýen jüpüne düşen, gunt ýaly söz düzümi bar. Jaýdar aýdylan söz! Eýsem, dil adamzadyň özara baglanyşygyny, aragatnaşygyny üpjün edýän serişdesi dälmidir?!

Dünýäde näçe halk bar bolsa, şonça-da dil bar. Emma käbir diller dünýä dili, ýagny ählumumy ykrar edilen halkara dil hasaplanylyp, resminamalarda, möhüm maglumatlardyr beýanatlarda işjeň ulanylýar. Şolaryň biri hem iňlis dilidir. Dil öwrenmek özge dünýä, özge saýýara aralaşmak, özge medeniýetler, pikir-düşünjeler bilen tanyşmak ýaly täsin duýgulary oýarýar. Daşary ýurt dilini özleşdirdigiçe ynsanyň şahsyýetinde täsin özgeriş duýulýar. Dil öwrenýän ynsanyň dünýägaraýyşy giňelýär, söz baýlygy köpelýär. Bu dünýä aralaşan her bir ynsan ähli mümkinçilikleriň altyn açaryny ele alýar.

Maede ABBASOWA
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.