Änew şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Dutara dil bitiren halypa» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen dabara döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri hem-de beýleki köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
Dabaranyň myhmanlary medeni ojagyň eýwanynda milli aýdym-sazlar bilen garşylanyldy.